"Awaza" gyssagly bejerilýär, işe çydamadyklar öýüne 'boş gaýdýar'
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň daş-töweregini ýokary derejede abadanlaşdyrmak üçin sebitlerden ýüzlerçe işçi migrant getirildi, olar günde sekiz sagatdan has kän, agyr şertlerde işlemeli bolýarlar, üstesine, tabşyrylan işleri wagtynda ýerine ýetirip bilmeseler işlän günleriniň haklaryny hem alyp bilmezler diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.
Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän desgalaryň töwereginde başlanan işler öz wagtynda tamamlanyp, ‘birkemsiz görnüşde’ tabşyrylmaly...