Lebaply býujetçiler gan tabşyrmaga mejbur edilýär
Gündogar welaýatynyň döwlet edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler ýene bir mejburlyga boýun bolmaly edildi. Býujet işgärlerinden gan donory bolmak talap edildi.
Lebabyň administratiw merkezinde we gür ilatly ýaşaýyş nokatlarynda ýerleşýän býujet edaralarynyň işgärlerine, hatda dynç alyşdaky zähmetkeşlere olaryň gan tabşyrmaga borçlydygy iş ýerlerinden habar berlipdir.
“Men zähmet rugsadyna çykdym, müdiriň terbiýeçilik işler boýunça orunbasary jaň edip: 'Gan bankyna baryp hökmany gan tabşyrmasaňyz bolanok' diýip...