'Mejbury tomaşaçy' meselesiniň çözgüdi 'halk durmuşynyň gowulanmagynda' - Synçy
Döwlet eýeçiligindäki metbugat 11-nji iýunda Türkmenistanyň saýlama futbolçylarynyň Aşgabatda geçirilen bäsleşikde Taýlandyň ýygyndy toparyny 3:1 hasabynda ýeňendigini, oýny görmäge 15 müňden gowrak tomaşaçynyň gelendigini habar berdi. Emma çeşmeler boş orunlary doldurmakda ulanylan adamlaryň köpüsiniň mejbury ýagdaýda getirilendigini, sportuň hem indi ‘barha kän süteme öwrülýändigini’ öňe sürýärler.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen futbol janköýerleriniň birnäçesi bu oýna hakyky janköýerleriň...