Türkmen harbylary ýaragly güýçleriň düzüminden çykmakda kynçylyk çekýärler
Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde şertnama esasynda işleýän ofiserleriň arasynda işden meýletin çykmak üçin arza ýazýanlaryň sany köpelýär. Olaryň aýlyklaryndan we iş şertlerinden nägileligi muňa sebäp bolýar. Munuň bilen birlikde olaryň işden çykmagynyň öňündäki päsgelçilikler döredilýär. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bu ýagdaýy ýakyndan öwrendiler.
Harby gullukçylar, beýleki döwlet edaralarynda işleýänlerden tapawutlylykda öz ýolbaşçysynyň adyna arza ýazyp, öz islegi boýunça işden çykyp bilmeýändigini harby çeşmeler bellediler.