Awstriýada mekdepdäki ok atyşlykda 11 adam öldi
10-njy iýunda Awstriýanyň Grats şäherindäki gimnaziýada bolan ok atyşlyk netijesinde 11 adam heläk boldy. Wakada ýaragdan ot açanyň bu mekdebiň öňki okuwçysy bolandygy aýdylýar. Maglumata görä, ol soňra öz janyna kast edipdir.
APA agentliginiň habaryna görä, öldürilenleriň arasynda okuwçylar hem-de mugallymlar bar. Ýaralananlaryň biriniň giçlik hassahanada ýogalandygy mälim edildi. Muňa çenli pidalaryň sany 9 diýip habar berlipdi. Ölenleriň ýene biri ot açanyň özi. Ýaralananlaryň sanynyň 10-dan gowrakdygy...