Un, çörek aladalarynyň arasynda Türkmenistanda galla ýygymyna girişildi
Türkmenistanda un, çörek aladalarynyň arasynda, 4-nji iýunda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna girişildi. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bu işlere 11-nji iýunda goşular.
Resmi maglumata görä, şu ýyl Türkmenistan boýunça 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamak meýilleşdirilýär.
Şol bir wagtda-da, Türkmenistan daşary ýurtlardan uly mukdarda un satyn alýar.
Türkmenistan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uly işleriň edilendigini aýdýar, ýöne habarlar ýurtdaky un...