Esgerler aç-hor bolýar, harby gullukdan soň işsiz, içýän ýaşlar köpelýär
Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edip geleninden soň göwnüçökgünlige düşýän, ruhy peselen, tapan ýerinde spirtli içgileri içip başlaýan we ýoluny ýitirýän ýaşlar köpelýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Ýerli synçylar ýaşlaryň harby gullukda aç, hor bolup, ene-atalarynyň iberýän puluna örän mätäç galýandygyny, serkerdeleriň we agalyk edýän esgerleriň dürli kemsitmelerini çekip, ýurtdaky kanunçylyga, adalata we döwlet ýolbaşçylaryna bolan ynamlaryny düýpli ýitirýändiklerini aýdýarlar.