Nawalnynyň doglan gününde ony hatyralamak üçin onlarça adam ýygnandy
Merhum rus oppozisioneri Alekseý Nawalnynyň 4-nji iýunda doglan gününde ony hatyralamak üçin Moskwanyň Borisowskiý gonamçylygyna onlarça adam geldi. Koloniýada aradan çykan Nawalnyý 49 ýaşyny doldurmalydy.
SotaVision neşiriniň habar bermegine görä, merhum syýasatçynyň mazaryna Nawalnynyň we onuň aýaly Ýuliýanyň ejesi, şeýle-de Nawalnynyň egindeşi Ilýa Ýaşiniň kakasy geldi. Gonamçylygyň girelgesinde howpsuzlyk işgärleri gelenleriň goşlaryny barlady. Nawalnyny ýatlamak üçin gelen adamlar ekstremizme...