Balkanda sil hojalyklara zyýan ýetirdi, häkimden kömek soranlara basyş edilýär
Balkan welaýatynyň birnäçe ilatly ýeriniň ýaşaýjylary geçen hepde iki günläp ýagan güýçli ýagynyň netijesinde suw alan jaýlaryny tertibe getirmek we dörän siliň netijelerinden saplanmak ugrunda kynçylyk çekýärkä, ýerli häkimiýetler ýardam bermegiň ýerine ilata basyş edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we çemeleri 4-nji iýunda maglumat berdiler.
Türkmenbaşy şäherinde 26-njy maýda ýagan güýçli ýagyşdan soň şäheriň köçelerini sil basdy. Ýerli çeşmeleriň biri öz görenlerini şeýle suratlandyrdy...