Врач-эндокринолог Марченко назвала пять ошибок в борьбе с лишним весом
Инновационный обогреватель для младенцев установили в роддоме МОЦОМД
Расследование дела о мошенничестве в отношении Ларисы Долиной завершено
День семьи отметят в музее на Поклонной горе
Halkara hukuk toparlary Gyrgyzystany “Kloop” žurnalistlerini yzarlamagy bes etmäge çagyrýar
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän onlarça halkara gurama, şol sanda Human Rights Watch gurmasy bilelikdäki beýanat bilen çykyş edip, Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini garaşsyz “Kloop” neşiriniň žurnalistlerine “köçe bidüzginçiligine açyk çagyryş etmek” boýunça bildirilen aýyplamalary bada-bat ýatyrmaga we metbugata garşy repressiýalary bes etmäge çagyrdy. Guramalar ýurduň az sanly garaşsyz metbugatlarynyň biri bolan bu neşire basyşyň gaýtadan başlanmagy bilen baglylykda çuňňur aladalanma bildirdiler.