Stambulda para almakda güman edilip, şäher häkimliginiň 30-dan gowrak resmisi tussag edildi
Stambulyň Baş prokuraturasy şäher häkimliginiň 47 resmisiniň tussag edilmegi boýunça görkezme berdi. Olar parahorlykda we gorkuzyp pul almakda güman edilýär.
Haberturk telekanalynyň maglumatyna görä, bu çäreler şäheriň häkimi Ekrem Imamoglu boýunça gozgalan korrupsiýa işi bilen baglylykda alnyp barylýar.
Maglumatda häzire çenli 31 adamyň tussag edilendigi bellenilýär. Olaryň arasynda Stambulyň Beşiktaş we Büyükçekmeje etraplarynyň ýolbaşçylary hem bar. Derňewçileriň sözlerine görä, Büyükçekmeje etrabynyň...