'Ägä boluň!': Daşoguzda iş sorap, 'hilegärleriň duzagyna düşen ýaşaýjylar' işsizlige çözgüt soraýar
Daşoguz welaýatynda özüni kadrlar gullugy hökmünde tanyşdyryp, tölegli hyzmat hödürleýän kärhanalar köpelýän mahaly, şeýle agentlikleriň üsti bilen iş tapjak bolup, 'galplygyň pidasy bolan ýerli ýaşaýjylar' öz ildeşlerini hilegärlerden hüşgär bolmaga çagyrýarlar.
“Biz Azatlyk Radiosynyň üsti bilen öz welaýatymyzda we özge welaýatlarda ýaşaýan ildeşlerimize sesimizi eşitdirip, hamala, iş hödürleýän ýaly bolup, aldaw ýoly bilen adamlardan pul alýan goşa dyrnak içindäki ‘kadr agentlikleriniň’ kezzaplygyndan ägä bolmagy...