Bastrykin Kazanda iki türkmen raýatynyň gyzy zorlandygy baradaky işiň gözegçiligini öz üstüne aldy
Russiýanyň Tatarystan respublikasynyň paýtagty Kazanda türkmenistanyň iki raýatynyň bir gyzy toparlanyşyp jynsy taýdan zorluk edendigi baradaky aýyplamalar bilen gozgalan jenaýat işine, Russiýanyň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin ünsi çekdi.
Ol Tatarystanyň Derňew komitetiniň ýolbaşçysy Witaliý Lipskiden derňewiň gidişi we anyklanan ähli ýagdaýlar barada şahsy hasabat bermegini talap etdi. Bu barada 28-nji maýda “Weçernýa Kazan” neşiri habar berdi.
Derňew maglumatlaryna görä, Kazanyň...