Türkmen baş diplomaty Eýranyň prezidenti bilen duşuşdy
20-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Tähranda Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň maglumatyna görä, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika ýaly ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk maslahat edilipdir.
Eýran prezidentiniň websaýtyndaky maglumata görä, Pezeşkiýan Tähranyň Türkmenistandan gazy import etmäge, şeýle-de goňşy döwletlere swap...