Gadaganlyk 'Soňky jaň' aladalaryna çözgüt bolup bilmeýär
Maý aýynyň soňky hepdesiniň golaýlamagy bilen, türkmen häkimiýetleri ýene-de mekdeplere, ‘uçurym bolýan’ okuwçylara, olaryň ene-atalaryna we naharhana, kafe, restoran ýolbaşçylaryna edýän basyşlaryny güýçlendirdiler. Bu basyşlar ýurtda däp bolan we häkimiýetlerde uly alada döredýän ‘soňky jaň’ üýşmeleňleri, oturylyşyklar we olarda, ýa-da maşgalalaryň deň bolmadyk ykdysady mümkinçiligi sebäpli bolup biljek oňaýsyz ýagdaýlar bilen baglanyşdyrylýar.
Resmiler her ýylyň maýynda ulanylýan çäklendirmeleriň sebäbini açyk aýtmaýarlar...