Türkmenistanyň Hytaýa gaz eksporty ýanwar-aprel aýlarynda 14.3% azaldy
Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň Hytaýa akdyrýan gazy, ozalky degişli döwür bilen deňeşdirilende, 14.3% azalyp, $2.78 milliarda deň boldy. Bu barada TASS agentligi Hytaýyň Esasy gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
20-nji maýda ýaýradylan maglumatda Hytaýyň import eden gazynyň anyk mukdary aýdyňlaşdyrylmaýar.
Türkmenistanyň bu döwürde Hytaýa iberilen gaz eksportlarynyň mukdary boýunça ikinji orunda durandygy bellenilýär.
Birinji ýerde Russiýa bolup, onuň degişli döwürde Hytaýa akdyrýan gazynyň mukdary 31.6% artyp...