Sud žurnalist Halykowyň Migrasiýa gullugyna garşy şikaýatyny kanagatlandyrmady, “degişli edara” salgylanyldy
Aşgabadyň Köpetdag etrap sudy garaşsyz žurnalist Nurgeldi Halykowyň migrasiýa gullugy tarapyndan ýurtdan çykmagyna girizilen gadagançylyga garşy tabşyran şikaýatyny kanagatlandyrmady. Bu barada Turkmen.news neşiri 15-nji maýda habar berdi.
Ýurduň daşyndaky garaşsyz neşir bilen hyzmatdaşlyk saklan 30 ýaşly Halykow, Türkmenistanda dört ýyl türme möhletini başdan geçirip, geçen ýylyň iýun aýynda boşadylypdy. Ol şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistany terk etmäge synanyşýar.
Maglumata görä, 14-nji maýda...