'Arkadag' futbol toparynyň üstünligi: Hökümet mejbury çäreler bilen halkara sport ýeňşini gutlaýar
Türkmenistanda buýsanar ýaly halkara derejesinde üstünlikler kän bir gazanylyp durulmansoň, kiçeňräk halkara ýeňişleri hem hökümetiň guramalaşdyrýan mejbury çäreleri bilen gutlanýar diýip, bir ýerli synçy 'Arkadag' futbol klubynyň täze ýeňşini teswirledi.
Iki ýyl ozal Arkadag şäherinde esaslandyrylan 'Arkadag' futbol topary golaýda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň üçünji derejeli Çagyryş ligasynyň oýunlarynyň final duşuşygynda Kambojanyň 'Swaý Rieng' topary bilen ýaryşyp, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.