Türkmenistanda, sebitlerden möhümini bitirmek üçin hökmany ýagdaýda paýtagta gitmeli bolýan adamlaryň barha köpelmegi bilen, öňden gelýän ulag ýetmezçiligi, bilet gytçylygy meseleleri has çuňlaşýana meňzeýär. Bu ýagdaý, bir tarapdan, ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, ýokarlanýandygy aýdylýan migrasiýa meýilleri bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, türkmen awiakompaniýasynyň Russiýa bilen aradaky ýolagçy gatnawyny dikeltmegi hem-de iş, okuw, göçüp gitmek meselelerini çözmek isleýän adamlaryň bu pursatdan...