Azerbaýjanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy sapara çagyrýar
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy öz ýurduna sapar bilen gelmäge çagyrdy. Alyýewiň Berdimuhamedowa bu baradaky teklip bilen hat ýollandygy barada hökümetçi türkmen onlaýn neşirleri 7-nji maýda habar berdi.
Maglumatda Alyýewiň “Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilelikdäki işleriň mümkinçilikleriniň netijeli ösdürilmegine degişli açyk gepleşikleri we pikir alyşmalary dowam etdirmek maksady bilen” uly Berdimuhamedowy sapar bilen gelmäge çagyrypdyr.