Türkiýede tussag edilen iki türkmen aktiwisti aýrybaşga deportasiýa merkezlerine geçirildi
Türkiýede 28-nji aprelde polisiýa tarapyndan tussag edilip, şondan bäri Ankaranyň “Akýurt” deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen aktiwistleri Alişer Sahatow we Abdulla Orusow 6-njy maýda başga deportasiýa lagerlerine geçirildi.
Degişlilikde YouTube we TikTok platformalarynda türkmen hökümetine garşy tankydy çykyşlary bilen tanalýan bloggerlerden Sahatow Edirne şäherindäki, Orusow bolsa, Kyrklareli şäherindäki deportasiýa lagerlerine göçürildi.
Alişer Sahatowyň aýaly Gülala Hasanowa Türkmenistana...