Pakistan “uruş hereketine” jogap berjekdigini söz berýär
Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarif Hindistanyň amala aşyran howa zarbalarynda birnäçe adamyň heläk bolmagyndan soň, öz ýurdunyň muňa jogap berjekdigini aýtdy. Ýadro ýaraglaryna eýe bolan iki sebitleýin güýçleriň arasynda dartgynlylyk barha ýokarlanýar.
Pakistanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň 7-nji maýda geçirilen gyssagly ýygnagynda ýurduň ýaragly güýçleriniň jogap bermäge ygtyýarlyk alandygy barada karar kabul edildi.
Mundan birnäçe sagat öň, Hindistanyň güýçleri Kaşmiriň Pakistanyň gözegçiligindäki...