“Mugallymlar çagalarymyzy bize garşy gural hökmünde ulanýarlar”
Türkmenistanda okuw ýylynyň tamamlanmagynyň ýakynlamagy bilen, her ýylda adatça bolşy ýaly, mekdepleriň remonty üçin okuwçylaryň ene-atalaryndan pul ýygnalyp başlandy.
Habarçymyz ýurduň günbatar welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 2, 3, 5, 9, 10, 24, 25 we 26-njy mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň ene-atalarynyň ençemesi bilen söhbetdeş boldy. Olar okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli mekdep binalaryny abatlamak üçin pul ýygnalýandygyny aýdyp, “yzy üzülmeýän” mejbury çykdajylaryň özlerini “surnukdyrýandygyny” bellediler.