Türkmenabatda elden walýutany alyp satýanlara garşy reýd geçirilýär
Türkmenabat şäherinde walýuta söwdasy bilen meşgullanýanlara garşy reýdler geçirilýär. Onlarça adamyň tussag edilendigi mälim boldy.
Türkmenabadyň kanun goraýjy edaralaryndaky işgärleriň we resmi däl walýuta söwdasyndan habarly çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatlaryna görä, walýuta söwdagärlerine garşy reýdleriň dowamynda ýüzden gowrak adam tussag edilipdir, emma ençemesi dessine goýberilipdir.
"Häzirlikçe şäheriň çäginde 112-ä golaý dollarçy tutyldy. Olar 'esasy eýeler' bilen bagly bolsa...