ABŞ Türkmenistany intellektual eýeçilik hukugynyň goragy baradaky “birinji derejeli gözegçilik sanawyndan” çykardy
29-njy aprelde ABŞ-nyň Söwda wekiliniň edarasy (USTR) intellektual eýeçilik hukugynyň berjaý edilmegi bilen bagly ýyllyk hasabatynda Türkmenistany özüniň “birinji derejeli gözegçilik sanawyndan” çykarandygyny mälim etdi. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.
USTR-iň ýyllyk “Special 301 Report” hasabatynda intellektual eýeçilik hukuklarynyň bozulmagyna degişli ýagdaýlar seljerilýär. Hasabat 100-den gowrak söwda hyzmatdaşynyň ýagdaýlarynyň öwrenilmegine esaslanyp taýýarlanylýar. 2025-nji ýyldaky...