ABŞ Hytaýdaky we Eýrandaky birnäçe şahsa we gurama sanksiýa girizdi
29-njy aprelde ABŞ-nyň Maliýe departamenti Hytaýdaky we Eýrandaky alty guramany we alty şahsyýeti sanksiýa sanawyna goşandygyny yglan etdi. Resmi beýanatda olaryň Eýran yslam rewolýusiýa sakçylary korpusy üçin ballistik raketalaryň ýangyç serişdeleriniň üpjünçiligine ýardam berendigi aýdylýar.
ABŞ-nyň maliýe sekretary Skott Bessent: “Eýranyň raketa we beýleki ýaraglary agressiw ösdürmegi Birleşen Ştatlaryň we onuň hyzmatdaşlarynyň howpsuzlygyny howp astyna salýar” diýip belledi.
Sanksiýa girizilenleriň arasynda bäş hytaý kompaniýasy...