Türkmen resmisi dowamly yzarlamalardan soň merhum bolan žurnalist Allaşowy “arakhor” atlandyrdy
Türkmenistanyň resmileri Azatlyk Radiosynyň öňki habarçysy, türkmen režiminiň ençeme ýyllap dowam eden basyşlaryndan, şol sanda tussaglykda wagty urgulardan, gynamalardan soň heläk bolan Hudaýberdi Allaşowyň “yzarlamalara sezewar edilmändigini” öňe sürdüler.
Bu barada 24-nji aprelde BMG-niň Gynamalar we zor bilen ýitirim edilmeler komitetiniň 82-nji sessiýasynda türkmen delegasiýasynyň ýolbaşçysy Wepa Hajyýew çykyş etdi.
Ol 2024-nji ýylyň awgustynda 35 ýaşynda aradan çykan žurnalisti “hroniki arakkeş” atlandyryp...