Tejeniň otly menzilinden kowulýan azyk söwdagärleri Duşak şäherçesine süýşýär
Ahal welaýatynyň Tejen otly menzilinde ýolagçylara somsa we gutap ýaly taýýar iýmit önümlerini satýan ýerli ýaşaýjylar polisiýa işgärleri tarapyndan nyşana alynýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitden maglumat berdi.
“Biz öňden bäri otly menzillerinde azyk önümlerini satyp güzeran aýlaýardyk. Ýöne soňky wagtlarda bir ýerlerden polisiýa işgärleri peýda bolup başlady. Olar bizi ‘bikanun köçe söwdasynda’ aýyplap, kowalap başlaýar. Olar biziň öýde bişiren naharlarymyzy almakçy bolýar” diýip...