Obalar çolarýar, sary garynjalar adamlaryň ýaşap oturan jaýlaryna howp abandyrýar – ýerli ýaşaýjylar
Ahal welaýatynyň günbatar sebitlerinde ýerleşýän obalarda peýda bolup başlan sary garynjalar ilatyň ýaşaýyş jaýlaryna howp abandyrýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp maglumat berýär.
“Bu mör-möjekler jaýlaryň üçeklerindäki tagtalary, agaç diregleri köwýärler. Netijede, üçekler çökýär, adamlaryň ýaşap oturan jaýlary howp astynda galýar” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Ýöne şeýle ýagdaý, ýerli ýaşaýjylara görä, ‘bir günüň içinde’ ýüze çykmaýar...