ABŞ wekili Eýran bilen islendik ylalaşygyň ýadro barlaglaryna gönükdiriljekdigini aýdýar
14-nji aprelde ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stiw Witkoff Eýran bilen gazanyljak islendik diplomatik ylalaşygyň ýurduň uran baýlaşdyrmagy we ýarag programmalarynyň barlagyna gönükdiriljekdigini aýtdy.
“Bu baýlaşdyrma programmasynyň barlagy bilen baglanyşykly bolar, soňunda bolsa ýaraglanma boýunça barlag bilen tamamlanar” diýip Witkoff Fox News telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.
Geçen dynç günlerinde Omanda geçirilen ilkinji ýadro gepleşiklerinden soň, Waşington we Tähran gepleşikleriň...