ÝB import paçlary boýunça ABŞ bilen ylalaşyga gelmegi ileri tutýar
Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ýurtlarynyň söwda ministrleri 7-nji aprelde Lýuksemburgda geçiren duşuşygynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen gümrük paçlaryny ýatyrmak boýunça Waşington bilen gepleşikleriň ÝB-niň esasy ileri tutulýan ugruna öwrülmelidigi bilen ylalaşdylar. Şol bir wagtda-da, Bileleşik garşy çäreleriň ilkinji toplumyny taýýarlap başlady.
Bu barada Reuters agentligi habar berýär.
ABŞ häzirki wagtda ÝB-niň 27 agza ýurduna garşy polat, alýumin we awtoulaglara 25%, beýleki...