Türkmenabatda awtobus gatnawlary ýene seýrekleşdi
Azatlyk Radiosy fewralyň başlarynda Türkmenabat şäherinde pagta möwsüminde ýatyrylan döwlet awtobus gatnawlarynyň heniz-de dikeldilmeýändigini habar berenden soňra, bu gatnawlar fewralyň soňky hepdesinde gaýtadan ýola goýlupdy. Şol gatnawlar aprel aýyndan başlap, ýene-de seýrekleşip başlady.
Türkmenistanda awtobus ugurlarynyň açylmagynyň, üýtgedilmeginiň hem-de ýapylmagynyň tertibi prezidentiň karary bilen tassyklanýar.
“Soňky iki aý çemesi wagt bäri kadalaşan döwlet awtobuslarynyň gatnawy apreliň 1-den başlap...