"Polkownik" ýerine "sarlaşkar". Täjigistan milli diliň arassalygy ugrunda nähili göreşýär?
Sebitde döwlet dilinden rus sözlerini aýyrmak we olary deňdeş sözler bilen çalyşmak meýilleri barýar. Şeýle tejribe häzir Özbegistanda işjeň ara alyp maslahatlaşylýar, munuň üçin ol ýerde ýörite iş topary döredildi. Täjigistanda hem dili asylky kadalaryna getirmek ugrunda, birnäçe synanyşyk amala aşyryldy, ýöne olaryň barysy üstünlikli bolmady.
Häzirki täjik dili nähili özgerýär we oňa milli aýratynlyklar nähili täsir edýär?
Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Özbek dili, edebiýaty we folklory institutynyň...