Awtoýuwalgalaryň we dükanlaryň ýapylmagy ýaşaýjylara we telekeçilere zyýan etdi
Soňky hepdede ýurduň dürli sebitlerinde hususy dükanlaryň we awtoýuwalgalaryň ýapyk durmagy ilat köpçüligine erbet täsir ýetirdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň bu barada beren maglumatlaryna görä, agşamlaryna we gijelerine işleýän dükanlardan ilatyň uly bölegi peýdalanýardy. Awtoýuwalgalara-da uly zerurlyk döreýär.
Azyk dükanlarynyň ýapylmagynyň täsiri hususan-da, Oraza aýynyň dowamynda has köp duýulypdyr.
Çeşmeleriň sözlerine görä, soňky günlerinde agşamlaryna we gijelerine kireý...