Prezidentiň aýal doganynyň propagandasynyň ýaýbaňlanmagy ilat arasynda dürli pikir alyşmalary döretdi
Türkmenistanda prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýal dogany, öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewanyň resmi metbugatda has köp peýda bolup başlamagy, ilat arasynda dürli pikir alyşmalaryň döremegine getirdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 31-nji martda ýurduň dürli sebitlerinden maglumat berdiler.
“Türkmen metbugaty Berdimuhamedowlar maşgalasyndan birini telewideniýede uly planda görkezip başlasa, ähli zat düşnükli bolýar.