"Okuw kitaplaryna girjek waka". Türkiýedäki protestler Merkezi Aziýalylaryň gözi bilen
Dynç günlerinde Stambulda ýüzlerçe müň adam köçelere çykyp, şäher häkiminiň tussag edilmegine nägilelik bildirdi. Türmede oturan Ekrem Ymamoglu, häzirki prezident Rejep Taýyp Erdoganyň 2028-nji ýyldaky saýlawlarda esasy garşydaşy hökmünde görülýär. Ymamogluny prezidentlige dalaşgär hökmünde görkezen oppozision Halk-respublikan partiýasy, kazyýet işini syýasy matlaply hasaplaýar we tarapdarlaryny demonstrasiýa gatnaşmaga çagyrýar. Türkiýede ýaşaýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlary bolup geçýän wakalara nähili garaýarlar?