Maýyplygy bolan adamlar Türkmenistanda özleri üçin aýratyn şertleriň döredilmeýändigini aýdýar
“Biziň ýurdumyzda maýyplar üçin hem aýratyn şertler döredilse gowy bolardy, halka hödürlenýän ähli mümkinçilikler diňe sagdyn adamlara niýetlenen” diýip, maýyply bolan bir türkmenistanly aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary maýyplygy bolan birnäçe türkmenistanly bilen gürrüňdeş bolup, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat taýýarlady.
Olar Türkmenistanda synasynyň mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň durmuş goraglylygynyň pes bolandygyny, özlerine berilýän döwlet kömek pullarynyň az bolandygyny...