Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisi žurnalistiň gizlin maslahata nädip girendigini bilmeýändigini aýdýar
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Maýk Waltz Trampyň egindeşleriniň hutilere garşy uruljak zarba baradaky ýaşyryn söhbetdeşliginden maglumat syzmagynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Ol "Fox News" bilen söhbetdeş bolup, bu işiň nähili ýagdaýda bolandygyny häzir "tehnikadan iň gowy baş çykarýan adamlaryň” seljerýändigini belledi.
"Gulak asyň, men ähli jogapkärçiligi öz üstüme alýaryn. Topary men döretdim, meniň işim hemme zadyň utgaşdyrylmagyny üpjün etmekden ybarat" diýip, Waltz aýtdy.
Onuň sözlerine görä...