Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz respublikalarynda musulman aýallar ärinden aýrylyşsalar, täzeden durmuşa çyksalar ýa-da adamsy ýogalyp dul galsa, köplenç halatda çagalaryna hossarlyk hukugyny ýitirýärler.
Sannet (aýalyň haýyşy boýunça ady üýtgedildi) ikinji gezek durmuşa çykanda, 12 ýaşa ýetmedik iki çagasyna hossarlyk hukugyny ýitirdi.
Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitindäki Inguşystanyň kazyýeti geçen ýyl ol aýalyň birinji adamsynyň bähbidine karar çykardy hem onuň çagalarynyň öweý kakasy tarapyndan...