Türkmenistanda hususy ulagynda paýtagt Aşgabat bilen welaýatlaryň arasynda kireý edýän sürüjiler indi Änewdäki awtoduralgadan hem kowulýarlar. Sürüjiler bu çäräniň özleriniň gazanjyna juda oňaýsyz täsir edýändigini belleýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.
“Häzir Lebapdan, Marydan ýolagçy getirýän taksileri Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki duralga goýbermezden, sebitiň Gäwers obasynda saklaýarlar. Ahaldaky polisiýa işgärleri indi döwlet belgisi...