TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty “Magtymguly ensiklopediýasyny” we “Magtymgulynyň şygyrlarynyň düşündirişli sözlügini” çapa taýýarlaýar diýip, “Türkmenpotal” “Türkmenistan” gazetine salgylanyp habar berdi.
Bu institutyň alymlary öň, habarly edebiýatçylaryň aýtmaklaryna görä, Magtymgulynyň eserleriniň tankydy tekstini hem çapa taýýarlapdylar, ýöne bu iş çap edilmedi.
Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri garaşsyzlyk ýyllarynda tanymal edebiýatçy alym Aşyrpur Meredowyň...