Умер известный актер Вячеслав Богачёв: его тело нашли в квартире
У самолета отвалилась часть капота при взлете из московского аэропорта
Каникулы с Росгвардией
Лишение гражданства за нарушение присяги — уже реальность
'Goşuna alynmak isleýärin'. Maryda ýaşlaryň harby bölüme ýüz tutmagy bilen bagly ýagdaýlar köpelýär
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda orta mekdebini tamamlaýan mekdep uçurymlary harby wekilligine baryp öz islegleri bilen harby gulluga alynmagyny soraýarlar. Bu barada Azatlygyň habarçysy we ýerli çeşmeleri 6-njy iýunda maglumat berdiler.
Baýramalyda harby gulluga alynmagyny sorap, harby bölüme ýüz tutan ýaşlardan haýyşnama alynýar.
Harby wekilligiň işgärleri bilen gürleşen habarçymyzyň sözlerine görä, resmiler gulluga alynmak hakynda arza ýazan ýaşlaryň ozalky ýyllarda hem bolandygyny, emma şu ýyl köpelendigini mälim edipdir.