Marynyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi ýitileşýär, töleg terminallary işlemeýär
Mary welaýatyndaky bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi gaýtadan ýitileşdi. Munuň bilen bir wagtda, söwda nokatlarynyň tas ählisinde töleg terminallary hem işlemeýär. Bu ýagdaý, indi bir hepde bäri aýlyklaryny, pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýän köp raýatda nägilelik döredýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji martda sebitden maglumat berdi.
“Häzir nagt pul çekmekçi bolsaň, bankomatlarda nagt pul tapdyrmaýar. Olaryň öňünde adamlaryň uly nobatlary bolup, bankomatlardaky nagt pul dessine gutarýar.