Uly Berdimuhamedow Birleşen Ştatlara sapar edýär
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. Türkmen metbugaty bu habary 16-njy fewralda berdi, ýöne saparyň näçe günlükdigini we beýleki jikme-jikliklerini anyklaşdyrmady.
Habarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň netijelidigi, bu saparyň dürli ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da öňe ilerletmek üçin möhüm boljakdygy bellenýär.
Türkmenistan ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň hoşniýetlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny we...