«Андрей Миронов маму боялся, но боготворил». Долинский вспомнил о коллегах
Реконструкция участка на Северном обходе началась в Лобне
Eýranda tussag edilen zenanyň ölmegi netijesinde başlanan protestler köşeşmeýär
Baş örtüsini nädogry geýendigi üçin ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilenden soň ýogalan ýaş zenan sebäpli başlanan anti-hökümet protestleri, gozgalaňa garşy görülýän gazaply çäreleriň has berkidiljekdigi barada berlen resmi duýduryşa garamazdan, tutuş ýurda ýaýramagyny dowam etdirýär.
Öten agşam sosial ulgamlarda çap edilen wideolardan görnüşine görä, Eýranyň Töwriz, Najafabad, Yspyhan, Tähran, Maşat, Sanandaj we Urmiýa ýaly azyndan alty şäherinde demonstrasiýalar we nägilelik ýörişleri geçirildi.