В Молдавии создание блока оппозиционных сил квалифицировали как госизмену
В Совфеде высказались о возобновлении сноса памятника Советской армии в Болгарии
Как правильно выбрать вербу и провести Вербное воскресенье
Новая глава Верховного суда Подносова пообещала Путину продолжить дело Лебедева
Sowetler döwrüniň aýagynda rowaçlanan “aç-açanlyk” we onuň türkmen edebiýatyndaky öwüsgini
1953-nji ýylda Staliniň ölümi bilen Sowet Soýuzynda zulmat tüni sähelçe-de bolsa egsilip, döwlet durmuşynda liberal tendensiýalar ýüze çykyp başlaýar. Demir ýumruk astynda şekillenen sowet döredijilik endiklerinde maýylganlyk läheň güýjüň gaýdymy bilen gaýzygyp başlaýar.
50-nji ýyllaryň ortalarynda Sowet giňişliginde maýylganlyk sähelçe-de bolsa, ýuwaş-ýuwaşdan liberal garaýyşlary saýhallap başlaýar. Syýasat taryhynda “Hruşýowyň maýylganlygy” bilen ýatda galan döwür demir perdäniň aňyrsynda demigen sowet intelligensiýasyna umyt berýär.