КТК с начала 2024 г. отгрузил 21,1 млн т нефти c морского терминала
Синоптик Леус назвал температуру в Москве 25 апреля майским теплом
Певец Киркоров потратил 200 млн рублей на ремонт с золотыми унитазами
Тайный бизнес Ильича
Prezidentiň portretlerini we "ýylyň şygarlaryny" çalyşmak üçin edara-kärhanalardan pul ýygnalýar
Şu günler Farap etrabynda döwlet we hususy eýeçilikdäki edara kärhanalardan, şol sanda bilim-saglyk pudagynyň işgärlerinden hem-de harbylardan 2021-nji ýylyň nyşanyny we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze portretlerini satyn almak üçin 50 manatdan pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji ýanwarda habar berdi.
Türkmenistanda her ýyly täze şygar bilen garşylamak däl boldy. 2021-nji ýyl ýurtda prezident Berdimuhamedowyň teklibi bilen “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atlandyryldy.