Daşoguzyň DZ-K/8 aýallar koloniýasynda koronawirus tutaşdy. Ölenler bar. Azatlygyň bu barada habar berýän korrespondentleri azyndan üç zenanyň ölümine degişli takyk ýagdaýlary anyklap bildiler.
Olaryň biri 1973-nji ýylda doglan zenan sişenbe güni öldi. Ol 2013-nji ýylda neşe gaçakçylygynda aýyplanyp 22 ýyllyk azatlykdan mahrum edilipdi. Onuň iki çagasy galdy.
Azatlyk anonimlik şerti bilen gürleşen çeşmeleriniň gizlinligini saklamak we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen türmede ýogalan aýallaryň...