Saud Arabystanyň täç geýdirilen şazadasy Oman aýlagynda iki nebit tankerine edilen hüjümlerde esasy garşydaş bolan Eýrany göni günäkärledi we öz ýurdunyň öz halkynyň bähbitleriniň garşysyna abanan howp-hatar babatda çäre görmekde ýaýdanmajakdygyny aýtdy.
“Eýran režimi Ýaponiýanyň premýer-ministriniň Tährana eden saparyna hem hormat goýmady we ol heniz şol ýerdekä onuň tagallalaryna iki tankere hüjüm etmek bilen jogap berdi, ol tankerleriň biri Ýaponiýanyňky” diýip, Muhammed bin Salman araplara...