Taýland we Kamboja ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşdy
Taýland bilen Kambojanyň ýolbaşçylary, 28-nji iýulda Malaýziýanyň administratiw merkezi Putrajada geçirilen gepleşikleriň dowamynda, ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşdylar. Munuň bilen 24-nji iýulda serhetýaka sebitlerde başlanan ganly çaknyşyklar bes edilmeli. Uzak wagt bäri dowam edip gelen territorial dawa dartgynlaşyp, iki ýurduň arasyndaky soňky döwürdäki iň heläkçilikli çaknyşyklara ýazdy; onlarça adam wepat boldy.
Ylalaşyga gelnendigini gepleşiklere araçylyk eden Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim...